Ýolbaşçy wezipelere teklip edilýän adamlar üçin anyk talaplar bildirilmelidir — Gurbanguly Berdimuhamedow

18-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk

geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

ýolbaşçylary wezipä bellemek üçin işgärleri seçip almak ýaly möhüm mesele

barada durup geçdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, soňky döwürde

ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda bolan ýaramaz wakalar bu meselede köp

kemçiliklere ýol berlendigini nygtamaga doly esas berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, ýolbaşçy wezipelere teklip

edilýän adamlar üçin anyk talaplar bildirilmelidir. Döwlet Baştutany Mejlisiň

Başlygy A.Nurberdiýewa wezipä hödürlenýäniň ýakyn garyndaşlarynyň kazyýet

jogapkärçiligine çekilmändiginden başlap, olaryň bilim derejesiniň belleniljek

wezipesine laýyk gelýändigi barada kanunçylyk esasynda talaplary işläp

taýýarlamagy tabşyrdy. Bu talaplar eýeleýän wezipesiniň ululygyna ýa-da

kiçiligine garamazdan, ähli ýolbaşçylara we olaryň orunbasarlaryna degişli

bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Adam ýaşlykdan ulalanda jemgyýetde özüni nähili alyp barmalydygyny anyk

bilmelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Döwlet Baştutany adam

parahorluga ýa-da korrupsiýa ýüz ursa, olaryň nähili jogapkärçilige çekiljekdigine

anyk göz ýetirmelidigini belledi.

Prezident wise-premýer S.Toýlyýewe orta mekdepleriň, ýokary okuw

mekdepleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy

akademiýasynyň okuw maksatnamalaryna täzeden seretmegi tabşyrdy.

Okuw maksatnamalaryna ahlak kadalary, edep-ekramlylyk, hukuk öwreniş

boýunça sapaklar girizilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu mesele

boýunça ýakyn wagtda öz teklipleriniň berilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

12-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde Prezident gysga wagtyň içinde

Korrupsiýa garşy göreş maksatnamasyny işläp düzmegi tabşyrdy.

Meňzeş täzelikler

2014