«Awazada» Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Awazada»

Türkmenistana iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti

Şawkat Mirziýoýew bilen 19-20- nji maýda gepleşikler geçirer.

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow

Hökümetiň we Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde ýokary

derejedäki türkmen-özbek gepleşiklerine taýýarlygyň barşy barada habar berdi.

Gepleşikleriň gün tertibine türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň

meseleleriniň giň toplumy girizilip, onuň netijesi boýunça iki taraplaýyn

resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede

yzygiderli geçirilýän duşuşyklar iki ýurduň hem dostluk we hoşmeýilli goňşuçylyk

däplerine esaslanýan deňhukukly, oňyn we uzak möhletleýin netijeli

hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara islegine we gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk

edýär diýip nygtady.

Döwlet baştutany döwletara özara hereketi mundan beýlägem ösdürmek üçin

uly mümkinçilikleriň we geljegiň bardygyny belledi.

Bu sapar Özbegistanyň Baştutanynyň 2017-nji ýylyň 6-7- nji martynda

Türkmenistana amala aşyrna döwlet saparynyň çäklerinde bolup geçen ýokary

derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň dowamydyr.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň döwlet

Baştutany wezipesine saýlanandan soň, ilkinji daşary saparyna Türkmenistana

gelmegi aýratyn bellärliklidir. Şol gezek Aşgabatda Türkmenistan bilen Özbegistan

Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda, ykdysadyýetde we

beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda şertnamalara gol çekildi.

Meňzeş täzelikler

2014