Hazarýaka döwletleriniň Astanadaky sammitiniň geçirilmeginiň möhleti deňziň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taýýarlygyna baglydyr — Gazagystanyň DIM-niň başlygy

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekmeklik

meýilleşdirilýän hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň sammitiniň

geçirilmeginiň möhleti resminamanyň taýýarlygyna baglydyr, diýip Gazagystanyň

DIM-niň ýolbaşçysy Kaýrat Abdrahmanow aýdýar. Bu barada Interfaks-

Gazagystan belleýär.

«Bu resminamanyň taýýarlyk derejesine görä, Astanada sammitiň

geçirilmeginiň anyk möhletleri belli bolar» diýip, ol penşenbe güni Astanada

brifingde belledi. Ministr Hazaryň hukuk derejesini kadalaşdyrjak resminamanyň

ýakyn wagtda bilermenleriň derejesinde ylalaşyljakdygyna umyt bildirdi.

Ministriň bellemegine görä, bilermenleriň derejesinde, aýratyn tabşyryklar

boýunça ilçileriň we ýörite wekilleriň derejesinde duşuşygy ýakynda wagtda

Aşgabatda geçirmeklik meýilleşdirilýär. Şondan soňra Aşgabatda hazarýaka

döwletleriniň daşary işler ministrleriniň geňeşi geçiriler, diýip K.Abdrahmanow

aýdanlarynyň üstüne goşdy.

Meňzeş täzelikler

2014