Habar beriş serişdeleri üçin

Gaz senagatyny ösdürmek Türkmenistanda häzirki wagtda möhüm ähmiýete hem-de bütinleý täzeçil häsiýete eýe bolýar. Şeýle özgertmeler ilkinji nobatda gaz ulgamynyň işjeňliginiň köpugurlaýyn giňeldilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Bu ýerde gürrüň diňe bir türkmen tebigy gazyny gazyp almak hem-de ony eksport etmek barada däl. Eýsem, şonuň bilen bir hatarda gazy gaýtadan işleýiş, gaz-himiýa senagaty hem ýokary depginler bilen ösdürilýär. Gaz geçiriji ulgamlary gurmak bilen baglanyşykly ýurtda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär.

Şonuň bilen bir wagtda türkmen kärhanalary daşary ýurt kompaniýalary bilen tebigy gazy eksport etmek boýunça meselelerde ikitaraplaýyn gyzyklanmalara we bähbitlere esaslanýan işjeň hyzmatdaşlyklary alyp barmaklaryny dowam edýärler. Gaz ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary alyp barmakda dünýäniň maliýe-ykdysady ýagdaýy wajyp orny eýeleýär.

Şu jähtde “Türkmengaz” Döwlet konserni hyzmatdaşlarynyň biri bolan Russiýanyň OOO “Gazprom eksport” kompaniýasynyň 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap türkmen tebigy gazyny almagyny bes edendigini habar berýär. Kabul edilen bu çözgüdiň esasynda dünýäniň gaz bazarynda emele gelen ýagdaýlar, şeýle-de “Gazprom eksportda” ýüze çykan käbir ykdysady hem-de maliýe meseleleri ýatyr.

Ýokarda agzalan ýagdaý dogrusynda habar bermek bilen, “Türkmengaz” Döwlet konserni OOO “Gazprom eksport” kompaniýasy bilen iki ykdysady subýektiň arasyndaky hojalyk meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak üçin gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny aýan edýär.

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň Habarlar gullugy

Meňzeş täzelikler

2014