Stambul «Türk akymyny» maliýeleşdirmek boýunça «Gazprom» bilen ylalaşdy

Türkiýe öz çäklerinde «Türk akymyny» maliýeleşdirmek boýunça «Gazprom» bilen ylalaşyk gazandy, diýip Вotas türk döwlet turba geçiriji kompaniýasynyň baş direktory Burhan Ozjan duşenbede Stambulda geçirilýän XXII Bütindünýä nebit kongresiniň çäklerinde Ria Nowostä habar berdi.

«Biz bu mesele boýunça eýýäm olar bilen ylalaşdyk. Emma men sanlary — haýsy göterim gatnaşygynda muny etjekdigimizi aýdyp bilmeýärin» diýip ol aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, «Türk akymynyň» ikinji şahasyna rugsatnama almak prosesi oňaýly röwüşde dowam edýär, onda näsazlyklar ýok».

Russiýa we Türkiýe 2016-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda «Türk akymy» taslamasy boýunça hökümetara ylalaşyga gol çekdiler. Gurluşygyň operatory South Stream Transport. Resminama Gara deňziň aşagyndan her biriniň kuwwaty 15,75 milliard kub metr gaza barabar bolan magistral gaz geçirijiniň iki şahasyny gurmaklygy göz öňünde tutýar. Bir şaha gönüden göni türk bazaryna gaz ibermäge, beýlekisi bolsa Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna gaz ibermäge gönükdirilendir.

Meňzeş täzelikler

2014