Stambulda XXII Bütindünýä nebit kongresi geçirilýär

9-13-nji iýul aralygynda Stambulda XXII Bütindünýä nebit kongresi (World Petroleum Congress - WPC) geçirilýär. Ol bäş günläp dowam eder. Kongresiň şygary - «Energetiki geljege tarap köprüler».

WPC sarp edijileriň, öndürijileriň, hökümet agzalarynyň, energetika we maliýe ulgamlarynyň wekilleriniň, alymlaryň dünýä energetikasynyň geljegini ara alyp maslahatlaşyp bilýän giňişligidir.

Kongrese döwlet baştutanlary, 100-den gowrak döwletiň we 1500-den gowrak kompaniýanyň wekilleri. 50 töweregi ministrler, köp kompaniýalaryň direktorlar geňeşiniň başlyklary, bäş müňden gowrak wekil gatnaşýar. Kongrese 20 müňden gowrak adamyň gelmegine garaşylýar.

Öz wagtynda ExxonMobil-e ýolbaşçylyk eden ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson nebit we gaz senagatynyň ösmegine goşan önjeýli goşandy üçin Bütindünýä nebit geňeşiniň ýokary sylagy — Dýuherstiň baýragy bilen sylaglanylar.

Kongresiň çäklerinde Türkiýäniň nebit pudagyny maslahatlaşmaga bagyşlanan mejlisler geçiriler. 

Meňzeş täzelikler

2014