TNGIZT nebit önümleriniň önümçiligini we eksportyny artdyrýar

2017-nji ýylyň başyndan bäri geçen alty aýyň dowamynda iş meýilnamasy 103,7 göterim ýerine ýetirilip, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän toplumyň Türkmenbaşy we Seýdi şäherlerindäki zawodlaryna 3,3 million tonna nebit iberildi. Bu görkeziji hasabat döwri üçin bellenilen meýilnamadan 116,7 müň tonna köpdür.

Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça meýilnama 105,1 göterim, tebigy we ugurdaş gaz — 101,9 göterim, «mawy ýangyjyň» eksport möçberleriniň ösüş depgini bolsa 103,2 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende awtomobil benzinini öndürmek boýunça meýilnama 105,1 göterim, dizel ýangyjy — 104,4 göterim, polipropilen — 106,2 göterim, çalgy ýaglary — 112,9 göterim, suwuklandyrylan gaz — 123,4 göterim ýerine ýetirildi.

Nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň maýa goýunlaryny özleşdirmek boýunça ösüş depgini 108,9 göterime deň boldy.

Geçen döwürde Türkmenbaşydaky we Seýdidäki zawodlarda ähli kysymdaky benzinleriň 1 million 22 müň tonnadan gowragy, dizel ýangyjynyň 1 million 23 müň tonna töweregi, suwuklandyrylan gazyň 82 müň tonnadan gowragy işlenip taýýarlanyldy. Ähli görkezijiler hasabat döwri üçin bellenilen meýilnamadan artykdyr.

Hususan-da, ýanwar-iýun aýlarynda TNGIZT-niň Türkmenbaşy şäherindäki baş zawodynda awtobenziniň 917,3 müň tonnasy işlenildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründen 14,8 müň tonna artykdyr. A-95 kysymly awtobenziniň önümçiliginiň ösüş depgini 116 göterime, A-92 kysymly benziniňki 140,2 göterime deň boldy.

A-95 kysymly awtobenziniň 409 müň tonnadan gowragy daşarky we içerki bazarlara iberildi. Şolaryň 24,3 müň tonnasy eksporta degişlidir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijilerinden 24,3 müň tonna köpdür.

2017-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli ýagdaý boýunça TBGIZT-niň Türkmenbaşy şäherindäki baş zawodyndan daşarky we içerki bazarlara 187 müň tonna töweregi awiasion kerosini iberildi. Şunuň bilen birlikde, awiasion ýangyjyň eksport tapgyrlarynyň umumy bahasy geçen ýylyň binýatlyk görkezijileri bilen deňeşdirilende 4,7 göterim ýokarlandy.

246 müň tonna töweregi kerosin iberildi. Şolardan 157,6 müň tonnasy eksporta degişli. Olaryň bahasy 2 göterime golaý ýokarlandy.

2017-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda TNGIZT-niň baş zawodyndan iberilen dizel ýangyjynyň ähli kysymlarynyň eksport tapgyrlarynyň umumy bahasy 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilinde 33,6 göterim ýokarlandy. Şunuň bilen birlikde, TNGIZT-den iberilýän nebit önümlerinde dizel ýangyjynyň eksportynyň paýy 13,7 göterimden 17,4 göterime çenli ýokarlandy.

Ösüş depgini 193,5 göterim bolan polipropileniň içerki bazarlara 8,9 müň tonnasy iberildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,3 müň tonna artykdyr.

 

Meňzeş täzelikler

2014