OPEC-iň nebit sebedi gymmatlady

OPEC-iň nebit sebediniň bahasy on birinji iýulda barrel üçin 44,79 dollara barabar boldy. Bu görkeziji duşenbedäkiden 0,02 dollar köpdür, diýip çarşenbe güni gurama Trende habar berdi.

OPEC-iň sebediniň bahasy Saharan Blend (Alžir), Girassol (Angola), Oriente (Ekwador), Rabi Light (Gabon), Iran Heavy (Eýran), Basra Light (Yrak), Kuwait Export (Kuweýt), Es Sider (Liwiýa), Bonny Light (Nigeriýa), Qatar Marine (Katar), Arab Light (Saud Arabystany), Murban (BAE) we Merey (Wenesuela) bahalarynyň esasynda kesgitlenilýär.

Maýadarlaryň ABŞ-nyň geçen hepde boýunça nebit ätiýaçlyklary baradaky statistikasynyň neşir edilmegine garaşýanlygy sebäpli, nebitiň bahalary çarşenbe güni irden ýokarlanýar.

11:40 wagta çenli ýagdaýda Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň sentýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 1,64 göterim ýokarlanyp – barrel üçin 48,3 dollara barabar boldy. WTI kysymly nebitiň awgustdaky fýuçersleriniň bahasy 1,89 göterim ýokarlanyp – barrel üçin 45,89 dollara barabar boldy.

Meňzeş täzelikler

2014