«Westport Trading Europe Limited» kompaniýasy TNGIZT-de haýalladylan kokslaşdyrma desgalarynyň gurluşygyny tamamlamak boýunça bäsleşikde ýeňiji boldy

«Westport Trading Europe Limited (WTL)» kompaniýasy (ABŞ) TNGIZT-de haýalladylan kokslaşdyrma we deasfaltlaşdyrma desgalarynyň toplumynyň gurluşygyny tamamlamak boýunça bäsleşikde ýeňiji boldy. Haýalladylan kokslaşdyrma desgasy nebiti gaýtadan işlemekden galan agyr galyndylary — gudrony, mazuty we aswalty gaýtadan işlemek arkaly goşmaça mukdarda gaz, benzin, ýeňil we agyr gazoýl hem-de nebit koksuny almak üçin niýetlenendir. Gudrony deasfaltlaşdyrma desgasy TNGIZT-niň haýalladylan kokslaşdyrma desgasy üçin ýaglary we asfalty öndürmek üçin gudrondan eredijiniň kömegi bilen parafinonaftenli uglewodorodlary — deasfaltizaty bölüp almak üçin niýetlenendir.

Häzir «WTL» kompaniýasynyň tehnologlary Türkmenistanda öndürilmeýän uglewodorod serişdelerinden önümleriň täze görnüşlerini almagyň taslamasyny işläp düzýärler. Olaryň biri hem iňňeli koksdur. Ol ösen döwletleriň köp sanlysynyň ykdysadyýetiniň strategik pudaklarynda uly islegden peýdalanýar we nebit önümleriniň dünýä bazarynda onuň satuwy örän girdejili bolup durýar.

— Iňňeli koks — düzüminde metallar hem-de kükürt pes derejede bolan ýokary strukturirlenen uglerod önümidir — diýip «Westport Trading Europe Limited» (ABŞ) kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktorynyň orunbasary, tehniki ylymlaryň doktory Allaberdi Ylýasow aýtdy. — Nebiti gaýtadan işlemek arkaly alynýan bu gymmatbahaly önüm grafitirlenen elektrodlary taýýarlamak üçin ulanylýar. Grafit we onuň önümleri atom, metallurgiýa, himiýa, kosmos pudaklarynda işjeň peýdalanylýar. Oňa bolan zerurlyk önümiň bu görnüşiniň Türkmenistanda önümçiligini ýola goýmaga oňaýly şertleri döredýär.

TNGIZT-de nebit koksunyň iki görnüşi öndürilýär — jemlenen (ýarymfabrikat) we gyzzyrylan. Ýöne jemlenen koks bilen deňeşdirilende iňňeli koks dünýä bazarynda 5-7 esse gymmatdyr, onuň bir tonnasynyň bahasy iki müň amerikan dollaryna çenli ýetýär. Halkara bilermenleriniň çaklamagyna görä, iňňeli koksa bolan isleg ýakyn ýyllarda ýokarlanar.

Ýokary hilli çig mallaryň hem-de kokslaşdyrmak üçin degişli kuwwatlyklaryň bolmagy iňňeli koksuň senagat taýdan önümçiligini ýola goýmak üçin esasy şert bolup durýar. Az kükürtli koks iňňeli koks almak üçin ýaramly çig mal bolup biler. Häzirki wagtda GDA-nyň bütin çägindäki kärhanalardan diňe TNGIZT-de gudrondan az kükürtli koks (kükürt – agramyň 0,5 göteriminde saklanýar) öndürilýär.

Soňky ýyllaryň dowamynda «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen birlikde daşary ýurtly hünärmenler nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda belli öndürijileriň we barlagçylaryň Türkmenistanyň nebitiniň ählitaraplaýyn ylmy we amaly barlaglaryna esaslanan iň öňdebaryjy tehniki taslamalaryny peýdalanmaklygy teklip edýärler. Bu, ilkinji nobatda, ýokary islegden peýdalanýan iňňeli koksuň we beýlekileriň önümçiligi boýunça tekliplerdir.

Türkmen nebiti bilen bagly Ufanyň döwlet nebit tehniki uniwersitetiniň binýadynda geçirilen köp sanly barlaglar ylmy açyşlaryň şahadatnamasyna eýedirler. Şeýlelikde, mysal üçin, geçen 2016-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Patent býurosy tarapyndan türkmen nebitinden iňňeli koks öndürmegiň innowasion usulynyň üsti açyldy we degişli patent berildi. «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy, tehniki ylymlaryň kandidaty Nikolaý Ýurçenko, kompaniýanyň baş tehnology, tehniki ylymlaryň doktory Gennadiý Walýawin we kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktorynyň orunbasary, tehniki ylymlaryň doktory Allaberdi Ylýasow dagy onuň awtory boldular.

Işleniň taýýarlanylan tehnologiýalar halkara ülňülerine laýyk gelýän iňňeli koks almaga mümkinçilik berýär. Türkmenbaşydaky NGIZT-niň tehnologik potensialy bu ýerde ýokary hilli iňňeli koksuň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmeklige gönükdirilen maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi — nebitgaz pudagyny ösdürmegiň strategik wezipeleriniň biridir. Maýa goýum işjeňliginiň hukuk esaslaryny «Daşary ykdysady iş hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Türkmenistanda maýa goýum işjeňligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kadalaşdyrýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014