Türkmenistanyň senagat toplumynda ÝET-iň paýy artýar

Türkmenistanyň senagat toplumynda 2017-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda elektroenergetikada, nebiti gaýtadan işleýän we metallurgiýa senagatynda, ýeňil we poligrafiýa senagatynda önümçiligiň möçberleri ýokarlandy.

Önümçiligiň umumy möçberinden ÝET-iň paýy 47,7 göterime deň boldy. 2016-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlary boýunça binýatlyk görkezijiler bilen deňeşdirilende gazyň çykarylyşy 5,4 göterim ýokarlandy. «Türkmengaz» DK-nyň eksport ibermeleri 12,4 göterim artdy.

Elektroenergetika pudagynda ösüş 4,9 göterim derejesinde kesgitlenildi. Armaturlar, ugaloklar we profiller 3 göterim, pagta süýümi – 35 göterim, ýüpek matalar – 15,3 göterim artyk öndürildi.

Meňzeş täzelikler

2014