Nebit gymmatlaýar: Brent - $49,06, WTI - $46,66

Birnäçe oňaýly şertler, şol sanda ABŞ-da hereket edýän buraw desgalarynyň sany baradaky maglumatlar, şeýle hem ýurtda nebit ätiýaçlyklarynyň statistikasy hem-de çog mala bolan isleg baradaky Halkara energetika agentliginiň (HEA) çaklamalary duşenbe güni nebitiň dünýä boýunça bahalarynyň ýokarlanmagyna getirdi. Muňa söwda-geleşikleriň netijeleri şaýatlyk edýär.

08:18 wagta çenli ýagdaýda Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň sentýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 0,31 göterim ýokarlanyp – barrel üçin 49,06 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň awgustdaky fýuçersleriniň bahasy 0,26 göterim ýokarlanyp – barrel üçin 46,66 dollara deň boldy, diýip «Praým» ýazýar.

«Geçen hepdede ABŞ-da nebit ätiýaçlyklarynyň düýpli aşaklamagyny HEA-nyň nebite bolan islegiň başlangyç çaklama garanyňda has çalt ösýändigi baradaky teswirlemesi goldady. ABŞ-da hereket edýän buraw desgalarynyň sanynyň tükeniksiz artmagy hem togtady» - diýip Reýter agentligi ANZ bankynyň analitikleriniň aýdanlaryny getirýär.

ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, ýurtda nebitiň harytlyk ätiýaçlyklary (strategik ätiýaçlyklary hasaba almazdan) 7-nji iýulda tamamlanan hepdede 7,6 million barrel ýa-da 1,5 göterim azalyp – 495,4 million barrele deň boldy. Analitikler ätiýaçlyklaryň 0,57 göterim ýa-da 2,85 million barrel azalyp – 500,05 million barrele deň bolmagyny çaklaýardylar.

Anna güni Baker Hughes amerikan nebitgaz kompaniýasy 14-nji iýulda tamamlanan iş hepdesiniň netijeleri boýunça ABŞ-da buraw desgalarynyň sanynyň 952 birlik görkezijide saklanandygyny habar berdi. Ýyllyk aňlatmada buraw desgalarynyň sany 505 birlik ýa-da 2,2 esse köpeldi. Nebit buraw desgalarynyň sany iki birlik ýa-da 0,26 göterim artyp – 765-e deň boldy. Şunuň bilen birlikde gaz çykarýan desgalaryň iki birlik ýa-da 1,06 göterim azalyp – 187-ä deň boldy.

Mundan başga-da, penşenbe güni HEA 2017-nji ýylda nebite bolan isleg boýunça çaklamasyny günde 160 müň barrele çenli gowulandyryp, 98 million barrel etdi. Şunuň bilen birlikde, bu görkezijiniň ösüşi 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende günde 1,4 million barrele ýetdi. Çaklama görä, 2018-nji ýylda nebite bolan isleg günde 1,4 million barrel ýokarlanyp, 99,4 million barrele deň bolar. Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna (YHÖG) girmeýän döwletleriň görkezijisiniň tiz depginde ösmegi YHÖG ýurtlary tarapyndan onuň mümkin bolan aşaklamasynyň öwezini dolup biler.

Meňzeş täzelikler

2014