V Aziýa oýunlarynyň atly ýörişi Mary welaýaty boýunça ýoluny dowam edýär

2017-nji ýylyň sentýabrynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli 500 günlük atly ýörişe gatnaşyjylar Mary welaýaty boýunça ýollaryny üstünlikli dowam edýärler.

Ýakynda olar Tagtabazar etrabynda bolup gördüler. Bu ýerde olary il ýaşululary, gazçylar hem-de etrabyň köp sanly ýaşaýjylary duz-çörek bilen garşy aldylar. Uly sport ýaryşlarynyň buşlukçylarynyň gelmegi mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda dürli dabaralar gurnaldy. Hususan-da, myhmanlaryň öňünde «Bagtyýar käbeler» folklor-döredijilik topary çykyş etdi. Şeýle hem etrabyň türgenleri türkmen milli göreş, tanap çekmek ýaly sport görnüşleri boýunça çykyş etdiler.

Soňra atly ýörişe gatnaşyjylar medeniýet öýüne bardylar. Bu ýerde sahnada «Görogly» şadessanynyň bölümleriniň biriniň esasynda sahnalaşdyrylan oýun görkezildi.

Soňra atlylar «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghananyň Tagtabazar etrabynda ýerleşen taryhy ýadygärligine baryp gördüler. Welaýat ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri we ylmy işgärler myhmanlar ýadygärlikler bilen tanyşdyrdylar.

Soňra taryhy atly ýörişe gatnaşyjylar öz ýollaryny dowam etdiler.

 

Meňzeş täzelikler

2014