Türkmenistanyň we Bakunyň Liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Şu gün Bakuda Azerbaýjannyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýokary derejede ikiçäk görnüşde türkmen-azerbaýjan gepleşiklerini geçirdi. Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Iki döwletiň Liderleri halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerini, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, bilelikdäki energetika we ulag-üstaşyr taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Şeýle hem hazar meselesi we medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Gepleşikleriň barşynda azerbaýjan Lideriniň belleýşi ýaly, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar. Syýasy, ykdysady, energetika we maýa goýum ulgamlarynda özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Şu gün ikiçäk görnüşde geçirilen duşuşygyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylan ugurlarda ajaýyp mümkinçilikler bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana şu resmi saparyň esasy maksadynyň iki döwletiň we halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakdan ybaratdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, halkara giňişliginde Türkmenistan we Azerbaýjan ilki bilen, ählumumy we sebit howpsuzlygyny hem-de durnukly ösüşi gorap saklamak we pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär. Bu ugurda iki ýurduň garaýyşlary Merkezi Aziýada hem-de Hazar deňziniň sebitinde syýasy ýagdaýlaryň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Türkmen Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde bilelikdäki diplomatik we beýleki tagallalary netijeli birleşdirmek maksady bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistan we Azerbaýjan halkara giňişliginde işlerini mundan beýläk-de ysnyşykly utgaşdyrmagy hem-de birek-birege goldaw bermegi göz öňünde tutýarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, energiýa howpsuzlygy babatda täze halkara guralyny döretmek, durnukly ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada kabul eden Kararnamalaryny Azerbaýjanyň goldandygy hem-de olaryň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Azerbaýjan Hazar deňzi boýunça biziň goňşymyz. Biziň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygymyz Hazar deňzini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň deňzine öwürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýanyň üstünde bilelikde işlemegiň tamamlanyp barýandygyny belledi. Garaşylyşy ýaly, hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitinde oňa gol çekiler.

Meňzeş täzelikler

2014