Türkmenistan we Azerbaýjan strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama we birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama gol çekdiler.

Hökümetara derejesinde Raýat goranyşy, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Deňiz söwda gämi gatnawy babatda; Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukugy babatynda; senagat eýeçiligini gorap saklamak babatda; Daşky gurşawy goramak babatda; Ösümlikleriň karantini babatda; Weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. Şeýle hem medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Halkara derejesinde syýahatçylyk, salgyt ulgamynda, iki ýurduň Içeri işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Şeýle hem Türkmenbaşy (Türkmenistan) we Baku (Azerbaýjan Respublikasy) deňiz menzilleriniň üstünden halkara demir ýol-parom gatnawynda ýükleri daşamagy guramak, ýük wagonlaryny we konteýnerlerini ulanmak, nomer boýunça hasaba almak hem-de olaryň peýdalanylandygy üçin hasaplaşyklar hakynda Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Teswirnama gol çekildi. 

Meňzeş täzelikler

2014