Türkmenistan Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk boýunça resminamalary işjeňleşdirmekde Azerbaýjanyň goldawyna garaşýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün Bakuda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen geçirilen duşuşykda belleýşi ýaly, Azerbaýjan Hazar deňzi boýunça biziň goňşymyz.

Biziň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygymyz Hazar deňzini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň deňzine öwürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýanyň üstünde bilelikde işlemegiň tamamlanyp barýandygyny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2010-njy ýylyň noýabrynda Bakuda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň III sammitinde beýan edilen Hazaryň suw bioserişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak hakyndaky hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyklary işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň tekliplerini goldandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, «Biz Hazar deňziniň onuň ekoulgamyna howp salýan ýokary tebigy we tehnogen häsiýetli howplar zolagy diýen başlangyçdan ugur alýarys. Şonuň üçin hem bu ýerde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak möhüm ähmiýete eýedir.

Döelet Baştutanynyň aýtmagyna görä, gepleşikleriň barşynda halkara ykdysady aragatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Hazar sebitiniň ähmiýeti bellenilip geçildi. Şu nukdaýnazardan Türkmenistan baryp 2014-nji ýylda Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň Astrahan duşuşygynda ýurdumyz tarapyndan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky bäştaraplaýyn Ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamak teklip etdi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan Hazarda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: «Biz şol meseleleri ýakynda boljak Hazar sammitiniň gün tertibine salmak maksady bilen ýokarda agzalan resminamalar boýunça işleri işjeňleşdirmekde Azerbaýjanyň goldawyna garaşýarys».

Türkmenistan bilen Azerbaýjan halkara energetika ulgamynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly we köpugurly ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýär. Bu ulgam energiýa serişdeleriniň iberiljek ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, olaryň işlemeginiň anyk we aýdyň ölçeglerine, ygtybarlylygyny hem-de howpsuzlygyny kepillendirmäge we köptaraply bähbitleriň hasaba alynmagyna esaslanýar.

Bu taslamalar, gürrüňsiz, biziň ýurtlarymyz üçin bähbitlidir. Ykdysady we ekologiýa nukdaýnazaryndan esaslandyrylandyr. Şunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňziniň ekologiýa meselelerine uly üns berýändigini nygtady.

Meňzeş täzelikler

2014