Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Bakuda resmi saparda bolýan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji awgustda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Artur Rasizade bilen duşuşyk geçirdi.

Azerbaýjanyň hökümetiniň ýolbaşçysy türkmen Liderini ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň bu gezekki sapara ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagyň ýolunda nobatdaky wajyp tapgyr hökmünde garaýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary özara gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, energetika we ulag-üstaşyr ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň ýollaryny barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem ynsanperwer gatnaşyklary, hususan-da, ylym, medeniýet, maglumatlar, syýahatçylyk we sport ulgamynda gatnaşyklary giňeltmek maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmen Lideri ýakyn wagtda, şu ýylyň sentýabr aýynda türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini belläp, Azerbaýjanyň premýer-ministrini «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014