Energetika we ulag — Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary — Gurbanguly Berdimuhamedow

Energetika we ulaglar ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarydyr, diýip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen bilelikde metbugat wekilleriniň öňünde çykyş edeninde belledi, diýip Trend habarlar agentligi belleýär.

«Biz ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşyp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy iki döwletiň senagat we üpjünçilik ulgamlaryndaky ägirt uly mümkinçiliklerine laýyklykda artdyrmagyň zerurdygy barada umumy pikire geldik. Söwda ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge, özara haryt dolanyşygyny artdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi» diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň sözleri getirilýär.

— Türkmenistan bilen Azerbaýjan energiýa serişdelerini öndürmekde diňe bir Ýewraziýada däl, eýsem, tutuş dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Bizde häzirki zaman üpjünçilik ulgamlary bar. Energetika we ulag ugurlarynyň görnüşi barada umumy pikirlerimiz hem bar - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Azerbaýjan we Türkmenistan energetika we ulag akymlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda öz mümkinçiliklerini mundan beýläk hem doly peýdalanmak, bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmak üçin ähli tagallalary eder.

 

Meňzeş täzelikler

2014