Aşgabat we Baku energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýär — türkmen gazy Ýewropa iberilmäge taýýarlanýarmy?

Bakuwda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen bilelikde metbugat üçin ýüzlenmesinde iki ýurduň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyny giňeltmek baradaky meýillerini beýan etdiler, diýip Trendiň rus täzelikler gullugynyň ýolbaşçysy Elmira Tariwerdiýewa neşiriň sahypalarynda belleýär.

Neşiriň awtory türkmen Lideriniň iki ýurduň energetika we ulag akymlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda öz mümkinçiliklerini mundan beýläk hem doly peýdalanmak, bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigi baradaky aýdanlaryny getirýär.

Türkmenistandan iberilýän energetika akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berjek möhüm taslamalaryň biri hem Transhazar turba geçirijisidir. Onuň üsti bilen türkmen gazy Azerbaýjanyň we Türkiýäniň çäklerinden geçip Ýewropa bara, diýlip neşirde bellenilýär.

Awtoryň belleýşi ýaly, türkmen gazynyň Ýewropa ugur aljak Transhazar turbageçirijisiniň gurluşygy meselesi hemişede üns merkezinde boldy, aýratyn hem onuň gurluşygy hakykata laýyk gelip başlanda bu şeýle boldy.

E.Tariwerdiýewanyň pikirine görä, sebitde emele gelen bu günki geosyýasy ýagdaý türkmen gazynyň ibermelerini diwersifikasiýalaşdyrmaklygy ýurduň ykdysady howpsuzlygynyň zerur şertine öwürýär.

Awtoryň belleýşi ýaly, Transhazar metbugat sahypalarynda iki ýurduň gaz bazarynda hyýaly bäsdeşligi temasyna garamazdan Azerbaýjan üçin hem, Türkmenistan üçin hem deň derejede bähbitli taslamadyr. Hakykat ýüzünde hiç hili bäsdeşlik ýok.

Neşirde bellenilişi ýaly, «Şah Deňiz» azerbaýjan gaz käninden başlanyp «Günorta gaz geçelgesinden» geçjek gazyň eýýäm anyk satyn alyjylary bar we bu taslama boýunça uzak geljege degişli birnäçe şertnamalar baglaşyldy. Türkmen gazy bolsa «Günorta gaz geçelgesine» has giň möçberli bolmaga ýardam eder. Bu bolsa Ýewropanyň energetika howpsuzlygy üçin möhüm ähmiýete eýe bolan taslamanyň has girdejili bolmagyna getirer.

Hazaryň hukuk derejesi babatda meseleler babatda aýdylanda, awtoryň belleýşi ýaly, hut gaz infrastrukturalarynyň gurluşygy meseleleri boýunça Aşgabat we Baku bir garaýşa eýedir — iki ýurduň arasynda we olaryň suw araçäklerinden turba çekmeklik diňe bu iki ýurda degişlidir. Gurluşyk beýleki hazarýaka döwletlerine hiç hili dahylly bolmaz.

Bu taslama gatşanyjy üçünji tarap bolan Türkiýe barada aýdylanda, awtoryň pikirine görä, Ankara üçin hem edil Baku ýaly üstaşyr geçiriji hökmünde gurluşygy alnyp barylýan TANAP gaz geçirijisi boýunça üstünden köp mukdardaky gazyň geçmegi örän bähbitlidir. Bu, gürrüňsiz, Azerbaýjanyň hem, Türkiýäniň hem öz çäklerinden uglewodorod serişdelerini üstaşyr geçirýändikleri üçin girdejilerini artdyrar. Mundan başga-da, Transhazar gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy Türkiýäni gönüden-göni Ýewropanyň iri energetika habyna öwrer. Bu bolsa geosyýasy nukdaýnazardan Ankara üçin örän möhümdir. 

Meňzeş täzelikler

2014