Prezident Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň energetika hem-de ýangyç-energetika toplumynda özara gatnaşyklarynyň geljegi barada žurnalistlere gürrüň berdi

9-njy awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menziliniň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Oňa Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine  ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna bolan resmi saparynyň jemlerine, «Aşgabat 2017» oýunlaryna görülýän taýýarlyk, 17-nji awgustda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän çäreleriň maksatnamasyna degişli meseleler girizildi.

Döwlet Baştutany mejlisi açyp, Bakuwda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-azerbaýjan gepleşikleriniň üstünlikli we netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda Prezident degişli düzümleriň netijeli iş alyp barmagynyň we bu ugurda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň bilelikdäki işleriniň netijeliligini gazanmak maksady bilen, resmi saparyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny nygtady.

Giňişleýin göçme mejlisiň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hormatly Prezidentimize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda hem-de söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegine degişli sowallar bilen ýüzlendiler.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly,  Türkmenistan we Azerbaýjan energetika döwletleri hökmünde öňdäki orunlary eýelemek bilen, Hazarýaka giňişliginiň Ýewraziýada durnuklylygyň, ösüşiň hem-de giň halkara hyzmatdaşlygynyň çägine öwürmek ugrunda çykyş edýärler. Energetika bolsa örän uly orny eýeleýär—munuň özi ykdysadyýetde hem, howpsuzlykda hem, ekologiýada hem, şeýle-de durmuş ugrunda, diplomatiýada hem şeýledir diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.  

Şu ýylyň alty aýynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleri geçen ýylyň degişli döwründäkiden 40 göterim ýokary boldy.  Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijelidiginiň subutnamasydyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  nygtady.

Prezidentiň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijileri gazanýar. Muňa ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň yzygiderli artýandygy hem şaýatlyk edýär, 7 aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,4 göterime deň boldy. Ýurduň kärhanalarynyň öndürýän harytlary we önümleri dünýä ykrarnamasyna hem-de halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy.  Munuň özi ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyny şertlendirýär, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen, esasan-da,  goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Türkmen gawunynyň gününiň 17-nji awgusta geçirilmegi baradaky çözgüdiň kabul edilmegi baradaky sowala jogap bermek bilen döwlet Baştutany Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagy mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň guralmagyna dahylly ähli düzümleriň işleriniň utgaşdyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. 17-nji awgustda durmuş maksatly täze binalaryň, şeýle hem nebitgaz toplumynyň desgalarynyň, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezini ulanmaga bermek dabaralarynyň, Türkmen gawunynyň sergisiniň, «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň tagamlarynyň halkara sergisiniň, gala konsertiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini  tabşyrdy.

Prezident şeýle hem şol gün ekologiýa babatda möhüm ähmiýeti bolan çäräniň meýilleşdirilendigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara bu çäräniň mynasyp derejesini üpjün etmek baradaky anyk tabşyryklary berdi.

Meňzeş täzelikler

2014