Nebitiň bahalary az-kem üýtgeýär: Brent - $52,70, WTI - $49,53

Nebitiň dünýä boýunça bahalary penşenbe güni irden az-kem üýtgemegini dowam edýär. Muňa ABŞ-da nebit ätiýaçlyklarynyň azalmagy täsir edýär. Seljerijiler nebitiň bahasynyň häzirki derejesinde saklanjakdygyny belleýärler. Muňa söwda geleşikleriniň maglumatlary şaýat;yk edýär, diýip Russiýanyň nebitgaz habarlar agentligi belleýär.

07:38 wagta çenli ýagdaýa görä, Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň oktýabrdaky fýuçersleriniň bahasy ir ertirden 0,7 dollar gymmatlap, öňki söwda geleşikleriniň derejesinde barreli üçin 52,7 dollar bolmagynda galdy. WTI kysymly nebitiň sentýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 0,06 göterim aşaklap, barreli 49,53 dollara deň boldy, diýip Ria Nowosti ýazýar.

Çarşenbe güni ABŞ-nyň energetika ministrliginiň Energetika maglumatlary müdirligi ýurduň hepdelik nebit ätiýaçlyklary baradaky maglumatlary neşir etdi. Ýurduň harytlyk nebit ätiýaçlyklary (strategik ätiýaçlyklary hasaba almazdan) 4-nji awgustda tamamlanan hepdede 6,5 million barrel ýa-da 1,3 göterim aşaklap, 475,4 million barrele ýetdi.

Şol bir wagtyň özünde ABŞ-nyň hepdelik benzin ätiýaçlyklary baradaky statistika nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagynyň öňüni alýar. Benzin ätiýaçlyklary 3,4 million barrel ýa-da 1,5 göterim artyp, 231,1 million barrele deň boldy.

Meňzeş täzelikler

2014