TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy bellenilen tertibe laýyklykda alnyp barylýar

«Marynebitgazgurluşyk» trestiniň hünärmenleri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň tutuş ugry boýunça geçýän ýoluň elli kilometrlik böleginde gum galdyrmak işlerini tamamladylar. Şeýle hem bu bölekde çagyl düşemek işleri tamamlandy.

Inspektorlyk ýolunyň gurluşygynda mehanizmleşdirilen işleriň ýöriteleşdirilen edarasynyň 1-nji awtomobiller kärhanasynyň 30-dan gowrak ýük awtoulagy hereket edýär.

Bu ýol gaz geçirijiniň bökdençsiz hereket etmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Ol gaz geçirijiniň we onuň ýerüsti infrastrukturasynyň tehniki taýdan saz ýagdaýda saklanmagyna gözegçilik etmek üçin ulanyş gulluklary tarapyndan peýdalanylar.

TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika syýasatynyň üstünlik durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Bu gaz geçiriji diňe bir eksport ediji döwlet üçin däl, eýsem üstaşyr geçiriji we sarp ediji döwletler üçin ykdysady bähbitlidir. Şeýle hem TOPH dostlukly Owganystanda parahatçylygy we ykdysady ösüşi berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.

 

Meňzeş täzelikler

2014