Nýu-Delide energetika we ulag ulgamlarynda türkmen-hindi hyzmatdaşlygy maslahatlaşylar

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň altynjy mejlisini 14-nji awgustda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 10-njy awgustda geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Geljekki duşuşygyň gün tertibinde söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ýangyç-energetika ulgamy, himiýa we derman senagaty, maýa goýumlary, işewür gatnaşyklar, şeýle hem öňdebaryjy maglumatlar tehnologiýalary, ynsanperwer ulgamy ýaly netijeli özara hereketi mundan beýlägem ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

Möhüm sebit we halkara ähmiýetine eýe bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirmäge aýratyn üns berler.

Häzirki döwrüň ýagdaýlary babatda ulag ulgamy hem türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň we sebitiň beýleki döwletleriniň iri deňiz portlarynyň kuwwatyndan peýdalanmak arkaly «Demirgazyk — Günorta» transmilli ulag-üstaşyr geçelgesiniň taslamasy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine hem-de howa ulagy, hususan-da, ýükleri daşamak ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň geljegine garalar.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Hindistanyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny aýdyp, hökümetara tükmen-hindi toparynyň nobatdaky mejlisine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şu wagta çenli Hökümetara toparynyň mejlisleriniň bäşisi geçirildi, onuň işi gazanylan ylalaşyklary we dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçiligi bolan hyzmatdaşlygy iş ýüzünde durmuşa geçirmäge niýetlenendir. 

Meňzeş täzelikler

2014