Nebit we gaz himiýa önümleriniň täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek boýunça çäreleri işjeňleşdirmek zerur — Türkmenistanyň Prezidenti

10-njy awgustynda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň barşy barada habar berdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzda dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebit we gaz himiýa önümleriniň dürli görnüşlerini çykarmaga niýetlenen, täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi wise-premýerden talap etdi.

Öň habar berlişi ýaly, şu ýylyň iýun aýynda ýakyn 10 ýylyň içinde gurmak meýilleşdirilýän iri zawodlary we gazhimiýa toplumlaryny döretmek boýunça taslama işlenip düzüldi. Geljekki kärhanalar tebigy gazy gaýtadan işlemäge we polietilen, polipropilen, poliwinilhlorid, suwuklandyrylan gaz, kaustiki soda, duz kislotasyny, formaldegidi, kauçugy, polistrioly we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan beýleki taýýar önümleri öndürmeklige niýetlenendir.

Şeýle hem Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň NGIZ-iniň kuwwatlyklaryny artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýakyn 10 ýyllyklarda uly islegden peýdalanjak benziniň we dizel ýangyjynyň önümçiligini artdyrmaga ýardam eder.

Häzirki wagtda Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda nebit we gazhimiýa pudagynyň birnäçe zawodlarynyň gurluşygy amala aşyrylýar. Şeýlelik bilen, 2013-nji ýyldan bäri koreý we ýapon kompaniýalarynyň konsorsiumy Gyýanly şäherçesinde tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de ondan polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygy amala aşyrylýar. Ahal welaýatynyň Owadandepe diýen ýerinde ýapon-türk kompaniýalarynyň konsorsiumy gazy gaýtadan işlemek we ondan Ýewro-5 standartlaryna laýyk gelýän benzin, şeýle hem benzin we suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça zawod gurýar.

2017-nji ýylyň maýynda Seýdiniň NGIZ-de LCH-35-11/1000 katalitik riforming desgasy ulanyşa girizildi. Onuň kömegi bilen A-98 kysymly ýokary oktanly benziniň düzüm bölekleriniň önümçiligi, şeýle hem suwuklandyrylan gazyň we beýleki taýýar önümleriň önümçiligi ýola goýuldy.

Garaşylyşy ýaly, ýurdumyzda nebit we gazhimiýa pudagynyň depginli ösmegi sebitleriň senagatlaşdyrylmagyna, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, importyň ornuny tutujy we eksport önümleriniň öndürilişini artdyrmaga ýardam eder.

Meňzeş täzelikler

2014