Harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik esasynda saýlap almak boýunça pudagara topar döredildi

Türkmenistanda Döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hojalyk zerurlyklary üçin satyn alynýan harytlar, şeýle hem býujet serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän gurluşyk işlerinde ulanylýan harytlar bilen üpjün edijileri, bäsleşik esasynda saýlap almak boýunça pudagara topar döredildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Şol resminama arkaly bu toparyň düzümi tassyklanyldy.

Pudagara bäsleşik toparyny döretmegiň taslamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna 2017-nji ýylyň 10-njy awgustynda geçirilen hökümet mejlisinde hödürlenildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Pudagara bäsleşik toparynyň işini we bu ugurda öňde durýan işleriň öz wagtynda we degişli derejede ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Meňzeş täzelikler

2014