ÝET-niň 2017-nji ýylyň 7 aýynyň jemleri jemlenildi

Mälim bolşy ýaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine garaldy hem-de halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen içerki syýasatyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirilenden soňra, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça beýleki pudaklarda bolşy ýaly, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hem toplumyň kärhanalarynda 2017-nji ýylyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda topluma degişli konsernleriň, döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Nebitgazhyzmat» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Ýygnagyň dowamynda toplumyň kärhanalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işler, şeýle hem 2017-nji ýylda meýilleşdirilen meýilnamalar dogrusynda hasabat bilen çykyş etdiler. Hususan-da, hasabatlarda ilatly nokatlarda gaz üpjünçilik edaralarynyň turbageçirijileri gyş möwsümine taýýarlamak, olary abatlamak we bejermek ugrunda alyp barýan işleri hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geologiýa-gözleg, barlag işleri barada aýdyldy.  Wise-premýer hasabaty diňläp, bu eadaralaryň işiniň  döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belläp, gysga wagtda bu edaralaryň işini kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady.

Şeýle-de hasabat ýygnagynda birnäçe iri maýa goýum taslamalarynyň alnyp barlyşy, Balkan welaýatyndaky polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň we Owadandepede tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndürmek boýunça zawodyň gurluşygynyň alnyp barlyşy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy, gurluşyk işleriniň meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy barada habar berildi.

Mundan başga-da, gaz we nebit ýataklaryny gözlemäge gönükdirilip geçirilen gözleg-barlag işleri, 2D we 3D seýsmiki barlaglar, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň ýollary, gurluşyk işlerini öz wagtynda tamamlamak, şeýle hem ilatly nokatlary tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek, ondan netijeli we howpsuz peýdalanmak dogrusynda maglumatlar berildi.

Ýygnakda şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada aýratyn aýdyldy. Wise-premýer  türkmen halky üçin bu taryhy Aziýa oýunlaryny geçirmekligiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny we oňa nebitgaz toplumynyň her bir edarasynyň işjeň gatnaşmalydygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara bu işleri amala aşyrmak boýunça görkezmeleri berdi.

Hasabat ýygnagyndan soň wise-premýer M.Babaýew «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçylary we işgärleri bilen aýratyn duşuşyk geçirip, konserniň işini mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bar bolan nebit ýataklarynyň önüm berijiliginiň ýokarlandyrylmagyna we bu ugurda baý tejribä eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmeklige aýratyn üns berildi.

Meňzeş täzelikler

2014