Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şol sanda döwlet standartlaşdyrmak we sertifikasiýalaşdyrmak ulgamlaryny kämilleşdirmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň ýüpekçiligini ösdürmek bilen bagly meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda taslamanyň türkmen bölegi boýunça potratçysy – “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni ýöriteleşdirilen ulaglary, enjamlary we turbalary täze energetika ulgamyň gurulýan ýerine getirýär, gaz geçirijiniň ýurdumyzyň çäginden geçjek ýerlerini arassalamak işlerini amala aşyrýar. Şunuň bilen bir hatarda, taslamany amala aşyrmagyň birinji tapgyrynyň çäklerinde gaz geçirijiniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi bilen bagly meseleler çözülýär. Hususan-da, turba önümlerini getirmek üçin halkara bäsleşigi geçirildi. Dubaý şäherinde öňbaşçysy “Türkmengaz” döwlet konserni bolup durýan “Galkynyş - TOPH Pipeline Company Limited” ýapyk paýdarlar kompaniýasynyň edara binasyny bellige almak we açmak üçin zerur bolan resminamalary taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, dünýäniň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda TOPH taslamasynyň möhüm halkara ähmiýetini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolmak bilen, energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu strategiýa nebitiň we gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenýän möçberlerini artdyrmaga, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Günorta-Gündogar Aziýanyň uly ýurtlaryna tebigy gazy uzakmöhletleýin akdyrjak TOPH gaz geçirijiniň gurulmagy sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi bereri, durmuş hem-de ynsanperwer meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam eder diýip Döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu iri energetika taslamany has-da ilerletmek hem-de dünýäde iri “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň üçünji nobatdaky desgalaryny gurmak bilen bagly işleriň depginini çaltlandyrmak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Bu gaz käni täze energetika ulgamyň serişde binýady bolup hyzmat eder.

Mejlisde garalan esasy meseleleriň hatarynda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, 5-nji fewralda GFR-iň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet gününi geçirmäge görülýän taýýarlyk hem-de 2-4-nji fewralda Türkmenistanda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günlerine taýýarlyk görlüşi, 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşy bilen bagly meseleler boldy.

Daşary ýurtlardan satyn alynýan önümleriň hiline gözegçiligi güýçlendirmäge, hili pes harytlaryň getirilmeginiň öňüni almaga  gönükdirilen çärelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ilkinji nobatdaky wezipeleri, şol sanda ýurdumyza getirilýän temmäki önümleriniň hiline gözegçilik ulgamyny güýçlendirmek boýunça wezipeleri kesgitledi hem-de bu çäreleriň esasy maksadynyň ilatyň saglygyny goramakdan ybaratdygyny nygtady. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň bazarynda döwlet gözegçiligi barada görkezmeleri şu düzgünleri gurşap aldy.

Birinjiden, ýurdumyza getirilýän çilim we beýleki temmäki önümleri görnüşindäki ähli harytlary getirmek hem-de ýerlemek üçin ygtyýarnamany diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bermeli.

Ikinjiden, Daşary ýurtlardan getirilýän temmäki önümleri üçin ilkinji       güwänamany Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, soňra bolsa, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bermeli. Şeýle etmek bilen, bu işe ikitaraplaýyn gözegçilik ýola goýlar.   

Türkmenistanyň Prezidenti Kararlaryň birnäçesine gol çekdi, olara laýyklykda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016–2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik gullugy üçin administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezi hereket eder.     

Ministrler Kabinetiniň  mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Meňzeş täzelikler

2014