«Türkmenistan — sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi

Şu gün Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň binasynda «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň, «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gurnamagynda «Aziadanyň ýolunda sagdynlyk we ruhubelentlik bilen» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna, şeýle hem «Nebit-gaz» gazetiniň döredilmeginiň 6 ýyllygyna bagyşlanyp gurnalan bu çäräniň dowamynda «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy, «Türkmengaz» döwlet konserni hem-de «Dragon Oýl Türkmenistan Ltd» kompaniýasy tarapyndan yglan edilen «Türkmenistan — sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

Çäräniň dowamynda şeýle hem maslahat geçirildi. onda nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärleri çykyş etdiler. Soňra ýygnananlaryň öňünde ýurduň nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinň artistleri aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Bu döredijilik bäsleşigi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlandy. Bäsleşige ýurdumyzyň dürli edara-guramalarynda zähmet çekýän awtorlaryň köp sanly işleri hödürlenildi.

Bäsleşigiň jemleri boýunça üçünji orna üçünji orna üç awtor mynasyp boldy: Türkmenistanyň nebitgaz senagaty toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň tehniki inspektory Geldimyrat Seýitliýew, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarçysy Swetlana Goržiý we «Zenan kalby» žurnalynyp habarçysy Ýazgül Annaýewa.

Ikinji orna Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Pälwan Annalyýew, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gepleşikleri gurnaýjysy Hojaberdi Baýramow we «Biznes reklama» gazetiniň sport synçysy Orazgeldi Geldiýew mynasyp boldular.

Birinji orny «Türkmenistan» gazetiniň uly habarçysy Agageldi Italmazow, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň Ýaşlar guramasynyň başlygy Ogulgerek Işanowa, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Güljeren Tagiýewa eýelediler.

Baýrakly orunlara mynasyp bolan awtorlaryň ählisine Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle hem şanly senäniň — «Nebit-gaz» hepdelik gazetiniň birinji sanynyň çap edilmeginiň 6 ýyllygynyň hormatyna redaksiýanyň iň gowy işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Meňzeş täzelikler

2014