Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

Mary welaýatynda ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy. Şu mynasybetli paýtagtymyzda hem-de Mary welaýatynda baýramçylyk çäreleri guraldy, olaryň arasynda aragatnaşyga bolsa Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda guralan teleköpri üpjün etdi.

Baýramçylyk dabarasynyň geçirilen käniň ýerleşýän ýerinde türkmen ak öýleri dikilipdir, merkezi ak öýde milli äheňli ojak gurnalypdyr.

Mergen ýigit ýaýyň peýkamyny asmana – Güne tarap gönükdirip, ýaýy atýar. Mawy asmanda nur saçyp duran Gün şöhleleri peýkamyň ujunda uçgun döredýär. Gün nurundan ot alan peýkam asmandan ýere inip, ak öýüň ortasyndaky ojar odunly ojaga düşýär. Şeýdip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakylýar. Atly ýörişe gatnaşyjylar bu alawy oýunlarynyň açylyşynyň geçiriljek ýeri bolan paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionyna getirerler.

Türkmenlerde öý ojagynyň ody keramatly hasaplanylýar. Aziýa oýunlarynyň alawynyň gadymy Marguş topragynda ýakylmagynyň aýratyn manysy bardyr. Hut şu ýer müňýyllyklar mundan öň dünýäniň medeni merkezleriniň biri bolupdyr.

Hut şu ýerde ägirt uly «Galkynyş» gaz käni ýerleşýär. Bular ýaly ägirt uly känler Ýer ýüzünde seýrekdir. Gury ýeriň üstünde olaryň iň irisi hökmünde bolsa «Galkynyş» hasap edilýär. Onuň tebigy gazynyň ätiýaçlyklary 27,4 trillion kub metr hasaplanylýar.

Atly ýörişe gatnaşyjylar Oýunlaryň alawyny alyp, Türkmenistanyň paýtagtyna ýola düşdüler.

Meňzeş täzelikler

2014