Türkmenistanyň Prezidenti milli ýygyndy toparyň türgenlerine «Aşgabat 2017» oýunlarynda iň köp sanly medala mynasyp bolmaklaryny arzuw etdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerine Oýunlarda öz başarnygyny we ussatlygyny, watançylygyny görkezip, iň köp sanly medala mynasyp bolmaklaryny arzuw etdi. Bu arzuw döwlet Baştutanynyň oýunlaryň açylmagyna on gün galmagy mynasybetli Olimpiýa şäherçesinde geçirilen dabarada eden çykyşynda ýaňlandy.

— Men siziň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda uly üstünlikleri gazanmak bilen, ýurdumyzyň sport janköýerlerini begendirjekdigiňize berk ynanýaryn diýip, Prezident aýtdy.

Biz halkymyzyň asylly ýörelgesinden ugur alyp, ýakyn geljekde diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebitiň halklary üçin hem rysgal-bereket getirjek dünýäde iň uly «Galkynyş» gaz ojagyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawyny milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ýakmagy makul bildik diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milletiň Lideri halkara sport baýramçylygyna öwrüljek V Aziýa oýunlarynda Garaşsyz ýurdumyzyň türgenleriniň watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, Bitarap Türkmenistanyň sport abraýyny has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Dabarada eden çykyşynda, Prezidentiň belleýşi ýaly, Biz ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmäge uly möçberlerde maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Bu ugurda örän düýpli özgertmeleri, il-ýurt bähbitli möhüm işleri üstünlikli amala aşyrýarys. Soňky ýyllarda ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän köp sanly iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport desgalarynyň bina edilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, gözel paýtagtymyz Aşgabatda umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar bolan, sebitde deňsiz-taýsyz döwrebap Olimpiýa şäherçesi guruldy.

Geçirilen bu işleriň ählisi ata Watanymyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmäge, aýratyn hem, halkara derejesinde ussat türgenleri taýýarlamaga doly mümkinçilik berýär.

Milletiň Lideri ýaşlara ýüzlenip, sport gujur-gaýratyň, gözelligiň hem-de sagdynlygyň gözbaşydyr, ynsany belent sepgitlere ruhlandyrýan egsilmez güýçdür diýip belledi. Biz geljekde hem ýurdumyzda sporty ösdürmek, ýaşlarymyzyň ruhy we beden mümkinçiliklerini sazlaşykly utgaşdyrmak, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda örän şowly çykyş edip, zerur sport tejribesini toplamak meselelerine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet bereris diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Meňzeş täzelikler

2014