Türkmenistanyň Prezidentine Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi hakyndaky şahadatnamalar gowşuryldy

 

Şu gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna 10 gün galmagy mynasybetli Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynda geçirilen dabarada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi hakyndaky şahadatnamalar gowşuryldy.

Hut şu mynasybetli Türkmenistana Ginnesiň rekordlar kitabynyň önüm marketingi boýunça ýolbaşçysy Wiktor Fenes Wakasa geldi. Aşgabadyň täze döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde, Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Atyň şekiliniň beýikligi 40,05 metr (131 fut 4,9 dýuým), uzynlygy 37, 69 metre (123 fut 7, 9 dýuým) hem-de ini 40, 24 metrdir (132 fut 0,6 dýuým) barabar boldy.

Suw toplumynyň içinde ýaryşlary geçirmek we türgenleri taýýarlamak üçin niýetlenen dürli ölçegdäki howuzlaryň 4-si ýerleşdirildi. Howuzlaryň umumy meýdany 4 müň 976, 65 inedördül metre (53 568 inedördül fut) deň boldy.

Meňzeş täzelikler

2014