Gazagystan OPEC bilen nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça aýratyn ylalaşyk baglanyşmagy meýilleşdirýär

Gazagystan «Kaşagan» käninde nebitiň çykarylyşynyň artmagy netijesinde OPEC+ özi üçin bilen aýratyn ylalaşyk baglanyşmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň energetika ministriniň orunbasary Aset Magauow habar berdi diýip, rus Nebitgaz habarlary agentligi ýazýar.

«Meniň pikirimçe, gepleşikler aýratynlykda dowam eder, çünki OPEC Kaşagan taslamasynyň uludygyna, uly maýa goýumlaryň amala aşyrylandygyna we şol maýalary yzyna gaýtarmagyň zerurdygyna düşünýär. Şonuň üçin hem, meniň pikirimçe, çözgüt şol şertlerden ugur alnyp kabul edilmelidir» diýip ol 2018-nji ýylyň martyndan soňra ylalaşygyň möhletini uzaltmak baradaky sowala beren jogabynda aýtdy.

Aýratyn ylalaşygň bolup biljekdigi barada berlen sowala ol: «Meniň pikirimçe, hawa» diýip jogap berdi.

Häzirki dowam edýän ylalaşykda Gazagystanyň nebit çykarmaga bolan kwotasy günde 20 müň barrele ýetýär. Muňa garamazdan, HEA-nyň maglumatlaryna görä, iýul aýynda ýakynda Kaşagan käniniň işe girizilmegi netijesinde Gazagystanda nebitiň çykarylyşy geçen ýylyň oktýabrdaky görkezijisine garanda 73 müň barrel artdy. Ony işläp taýýarlaýan konsorsiumyň beýan etmegine görä, bu kände önümçilik kuwwaty ýylyň ahyryna çenli häzirki 200 müňden taslama kuwwaty bolan 379 müň barrele çenli artyp biler. Netijede, HEA Gazagystanda 2017-nnji ýylda nebitiň çykarylyşy baradaky çaklamasyny 20 müň barrel artdyryp – 1,83 mln barrele we 2018-nji ýylda 60 müň barrel artdyryp 1,95 mln barrele ýetirdi. 

Meňzeş täzelikler

2014