OPEC+ ylalaşygynyň möhletiniň kesgitsizligi nebitiň bahalarynyň üýtgemegine getirip biler

Nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEC+ ylalaşygynyň möhletiniň uzaldylmagy biržalarda nyrhlaryň düýpli üýtgemeginiň öňüni almaga ýardam eder. Bu barada RF-iň maliýe ministri Anton Siluanow Bloomberg agentligine beren interwýusynda aýdýar.

Siluanow OPEC+ ylalaşygyna gatnaşyjylara geljekde hem umumy dil tapyşmaga hiç zadyň päsgel bermejekdigine umyt bildirdi. Häzirki wagtda nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşygyň möhleti 2018-nji ýylyň martyna çenli uzaldyldy.

— Eger-de nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşygyň möhleti uzaldylmasa, onda mümkin bahalaryň birdenkä üýtgemegi bolup geçer. Biz bu ylalaşygyň möhletini uzaltmak baradaky meseläniň öwreniljekdigine umyt bildirýäris – diýip Siluanow aýtdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014