Nebit gymmatlaýar: Brent – $54,76, WTI – $49,23

ABŞ-da Meksikan aýlagynyň kenarýakalarynda «Harwi» harasadyndan soňra NGIZ-leriň we nebithimiýa kärhanalarynyň işiniň haýallandygy baradaky seljerijileriň çaklamalarynyň netijesinde nebitiň dünýä boýunça bahalary anna güni irden ýokarlanýar. Muňa söwda geleşikleriniň netijeleri şaýatlyk edýär, diýip Nebitgaz habarlary agentligi habar berýär.

08:08 wagta çenki ýagdaýa görä, Brent kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 0,50 göterim gymmatlap, barreli 54,76 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň oktýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 0,29 göterim ýokarlanyp, barreli 49,23 dollara deň boldy.

ABŞ-nyň kenarýakalaryndaky NGIZ-lerde we nebithimiýa kärhanalarda önümçilik haýallap biler, çünki kompaniýalar öz işgärlerini «Harwi» harasadynyň netijesinde çekilen zyýanlary ýok etmek üçin ulanmaly bolýarlar. Reýter agentliginiň belleýşi ýaly, bu ýa kärhanalaryň çykdajysynyň artmagyna ýa-da işgär ýetmezçiligine getirip biler.

Meňzeş täzelikler

2014