ÝET-niň 2017-nji ýylyň 8 aýynyň jemleri jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2017-nji ýylyň geçen 8 aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Maksat Babaýew, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Nebitgazhyzmat» ÝPJ-niň we pudak ylmy institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda toplumyň kärhanalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işler, şeýle hem 2017-nji ýylda meýilleşdirilen meýilnamalar dogrusynda hasabat bilen çykyş etdiler. Hususan-da, hasabatlarda ilatly nokatlarda turba geçirijileriniň gyş möwsümine taýýarlygy, abatlaýyş we bejeriş işleri barada aýdyldy.

Habar berlişi ýaly, «güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmek işleri doly derejede ýerine ýetirildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» we «Türkmengazakdyryş» birleşikleriniň hünärmenleri gaz geçiriji we gaz paýlaýjy ulgamlaryň, ýokary, orta we pes basyşly gaz geçirijileriň ählisinde barlag, arassalaýyş hem-de zerur bolan ýerlerde abatlaýyş işlerini geçirdiler.

Şeýlelikde ýurt boýunça şertnamalaýyn esasda 930 müň 210 hojalyk, şeýle hem 5 müň 424 sany senagat we durmuş ulgamynyň kärhanalary tebigy gaz bilen üpjün edilýär.

Şeýle hem maslahatyň barşynda ýurduň ähli ýangyç guýuş beketlerinde plastik kartlaryň üsti bilen töleg geçirmekligi ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda aýdyldy. Hususan-da, habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bu işler ýokary depginde alnyp barylýar we ol 2018-nji ýylda hereket edip başlar.

Mundan başga-da, gaz we nebit ýataklaryny gözlemäge gönükdirilip geçirilen gözleg-barlag işleri, 2D we 3D seýsmiki barlaglar, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň çäreleri, gurluşyk işlerini öz wagtynda tamamlamak, şeýle hem ilatly nokatlary tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek, ondan netijeli we howpsuz peýdalanmak dogrusynda maglumatlar aýdyldy.

Mundan başga-da, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Wise-premýer M.Babaýew türkmen halky üçin bu taryhy Aziýa oýunlaryny geçirmekligiň aýratyn möhüm ähmiýetiniň bardygyny we oňa nebitgaz toplumynyň her bir edarasynyň işjeň gatnaşmalydygyny nygtap, degişli ýolbaşçylary bu işleri amala aşyrmak boýunça görkezmeleri berdi.

Günüň ikinji ýarymynda wise-premýer M.Babaýew «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň ýolbaşçylar we işgärleri bilen maslahaty dowam etdi. onda ylmy-barlag işlerini ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda şeýle hem ylmy işi ösdürmek, hususan-da, gaz känleri boýunça geologiki we promysel-geofiziki maglumatlary toplumlaýyn seljermek we jikme-jik gaýtadan işlemek hem-de guýulary 2D we 3D buraw işleriniň kömegi bilen geljegi uly sebitleriň we zolaklaryň esasy geologobarlag işini ylmy esaslandyrmak meseleleri maslahatlaşyldy.

Hasabat duşuşygynyň ahyrynda wise-premýer ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde nebitgaz toplumynyň möhüm ornuny nygtap, Prezidentiň öňde goýan maksatlaryny we tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmekligiň her bir işgär üçin ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtady.

Meňzeş täzelikler

2014