Anna güni pese düşmeden soň nebitiň bahalary ýokarlanýar: Brent - $54,03, WTI - $47,86

Duşenbe güni irden «gara altynyň» bahasy gymmatlaýar. 07:47 wagta çenli ýagdaýda Brent kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 25 sent (0,5 göterim) ýokarlanyp, barreli 54,03 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň oktýabrdaky fýuçersleriniň bahasy38 sent (0,8 göterim) ýokarlanyp, barrelei 47,86 dollara barabar boldy, diýip rus Nebitgaz habarlary agentligi habar berýär.

8-nji sentýabrdaky söwdalaryň netijeleri boýunça Brent kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Londondaky ICE Futures biržasynda 0,71 dollar (1,3) göterim pese düşüp, barreli 53,78 dollara deň boldy.

WTI kysymly nebitiň oktýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkdaky NYMEX haryt biržasynda 1,61 dollara (3,3 göterim) aşak düşüp, barreli 47,48 dollara deň boldy, diýip Finmarket habar berýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014