Türkmenistan we Kuweýt hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Ýörite wekili, Emiriň Diwanynyň işleri boýunça ministri Şeýh Nasser Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Gepleşigiň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda bar bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, ony mundan beýläk hem dürli derejelerde giňeltmek zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan taraplar ýokary derejede geçirilýän saparlaryň möhüm ähmiýetini belläp, gazanylýan ylalaşyklary ulgamlaýyn esasda ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny tekrarladylar.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda, taraplar Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada kanagatlanma bildirip, geljekde hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda uly işleriň alnyp baryljakdygyny nygtadylar.

Belläp geçmeli zatlaryň biri hem, şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen türkmen-katar daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmelerde syýasat, ykdysadyýet, söwda, energetika, telekeçilik, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary hökmünde görkezildi. 

Meňzeş täzelikler

2014