Aşgabat Olimpiýa stadionynyň şekili ýerleşdirilen altyn we kümüş ýadygärlik şaýy pullary ýasaldy

Türkmenistanyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli hümmeti 100 manada deň bolan «Aşgabat Olimpiýa stadiony» atly altyn we kümüş ýadygärlik şaýy pullaryny dolanyşyga çykardy.

«Aşgabat Olimpiýa stadiony» atly ýadygärlik şaýy pullar toplumy Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy – Beýik Britaniýanyň «The Royal Mint Limited» zikgehanasynda ýasaldy.

Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapynyň merkezinde Aşgabat Olimpiýa stadionynyň şekili ýerleşdirildi.

38,61 millimetr diametrde ýasalan ýadygärlik şaýy pullaryň mähegi — altyn pulunda Au 916,7 we kümüş pulunda bolsa Ag 925 görkezildi. Ýazgylar öz aralarynda sekiz burçly ýyldyz görnüşindäki şekiller bilen bölünen.

Olara goşulýan ýurdumyzyň Merkezi bankynyň güwänamasy şaýy pullaryň «pruf» hilini kepillendirýär. 

Meňzeş täzelikler

2014