Türkmenistanyň Merkezi banky hümmeti 1-den 100 manada deň bolan banknotlaryň täze nusgalaryny dolanyşyga çykardy

Türkmenistanyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli hümmeti 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manada deň bolan banknotlaryň täze 2017-nji ýylyň modifisirlenen nusgalaryny dolanyşyga çykardy.

Banknotlaryň ýüz taraplarynyň reňki we şekili öňki durkunda saklanyp, olaryň hemmesinde «Aşgabat 2017» oýunlarynyň nyşany şekillendirilen.

Banknotlaryň arka tarapynda Aşgabat şäherinde täze gurlan Halkara howa menzili, «TürkmenÄlem 52°E» emeli hemrasy we paýtagtymyzda öňde boljak giň möçberli sport ýaryşlary mynasybetli bina edilen käbir desgalar şekillendirildi.

2017-nji ýylyň nusgasyndaky milli banknotlaryň gorag alamatlarynyň güýçlendirilmegi olaryň häsiýetli aýratynlyklarydyr. Şeýlelikde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany ýörite goragly çap etme usulynda ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, reňkini üýtgedýän ýörite boýag bilen ýasalan nominal san 1 we 5 banknotlarda täze çap etme usulynda, uly nominallarda täze kämil Spark® Live boýagynyň Dýuna — küşt tagtasy görnüşinde ýerine ýetirildi. Banknotlaryň ýüz tarapynda onuň çap edilen senesi we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilýesi görkezildi.

Bu banknotlar ýurdumyzyň ähli çäklerinde eýeçiliginiň görnüşine we alyp barýan işine garamazdan, edara-kärhanalaryň ählisi tarapyndan tölegler üçin nominal gymmaty boýunça kabul edilmäge degişlidir.

Merkezi bankyň 2009-njy, 2012-nji we 2014-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi hökmünde güýjüni saklaýar. 

Meňzeş täzelikler

2014