Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisine gatnaşýar

12-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky, 72-nji mejlisi öz işine başlady. 8-nji sentýabrda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etjek hökümet wekiliýetiniň düzümini tassyklady.

Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň yzygiderli goralmagy Türkmenistanyň alyp barýan işiniň esasy ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, terrorçylyga garşy göreşmekde hyzmatdaşlar bilen tagallalary birleşdirmäge aýratyn üns bermek teklip edilýär. Hususan-da, ýurdumyz Merkezi Aziýada BMG-niň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça «Merkezi Aziýa — Birleşen Milletler Guramasy ýokary derejeli gepleşigiň» netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasyny amala aşyrmak maksady bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi maksadalaýyk hasaplaýar.

Öňki ýyllarda bolşy ýaly, energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk, energiýa serişdelerine durnukly we adalatly elýeterliligi üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň ygtybarly we durnukly energiýa üpjünçiligine gönükdirilen degişli kararnamalarynyň düzgünlerini takyk we gyşarnyksyz ýerine ýetirer hem-de şu maksatlar bilen, gyzyklanma bildirýän döwletleriň we halkara guramalaryň ählisi bilen ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

2017-nji ýylda Türkmenistan Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk ediji döwletiň wezipesini ýerine ýetirýär. Ýurdumyz özüniň başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda durnukly energetika ulgamynda täze halkara hukuk-guralyny işläp taýýarlamak işini işjeňleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň birnäçesini amala aşyrýar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan energiýa çeşmelerini hem-de energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin guramaçylyk, hukuk, ykdysady, tehniki we beýleki zerur şertleri döretmek işine işjeň gatnaşar.

Energiýanyň netijeliligini we energiýanyň tygşytlylygyny üpjün etmek meselelerinde döwletleriň hem-de halkara düzümleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak dünýä bileleşiginiň durnukly energetika ulgamyndaky işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň çäklerinde ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda energetika meselesi boýunça geçirilýän halkara duşuşyklaryň we maslahatlaryň netijelerini hem-de maslahatlaryny umumylaşdyrmak boýunça işi başlamak hakyndaky meselä garamagy maksada laýyk hasaplaýar. Soňra şol netijeler we maslahatlar Birleşen Milletler Guramasynyň degişli köptaraplaýyn resminamasynda umumylaşdyrylan görnüşde beýan edilmelidir.

Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň bähbitlerinde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak döwletimiziň halkara derejesinde alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlary bolar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawy bilen Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň bu maksatlary netijeli durmuşa geçirmek üçin ylmy-usulyýet binýadyny döretmekde esasy orun eýelejekdigini aýratyn bellemek gerek.

Durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm ýagdaýy hökmünde sportuň ähmiýetini belläp, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynyň resminamasy hökmünde çap edilen «Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresiniň jemleýji Jarnamasyna esaslanyp, ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda bedenterbiýä we sporta jogap berýän ministrleriň hem-de ýolbaşçy işgärleriň ýedinji halkara maslahatynyň geçirilmegini teklip eder.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa sebitinde ýokarda agzalyp geçilen wezipeleri durmuşa geçirmekde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň işiniň ähmiýeti artýar we biziň ýurdumyz Baş Assambleýanyň 72-nji mejlisiniň çäklerinde howpsuzlygy hem-de parahatçylygy üpjün etmek işinde derwaýys meseleleri çözmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny goldamak maksady bilen, Kararnamany işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň mümkinçiligine garamagy teklip edýär.

Esasy teklipleriň hatarynda häzirki zaman dünýäsiniň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ählumumy kiber-howpsuzlygy üpjün etmekde dünýä jemgyýetçiliginiň işleriniň işjeňleşdirilmegi agzaldy. Onuň ösdürilmegi maglumat-tehnologiýalar ulgamyndaky örän uly üstünlikler bilen bilelikde alnyp barylýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak maslahatynyň barşynda Türkmenistan öz daşary syýasat işiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini kesgitledi. Şu maksat bilen, energetikany hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek meselelerine uly orun berler. Ine, döwletimiz Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilen täze halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge hem-de öňden bar bolan geçelgeleriň ulanylmagyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çözgütleriň durmuşa geçirilmegini dowam eder. Şeýle hem Türkmenistan «Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary ösdürmek» atly Kararnamasyny taýýarlamagyň mümkinçiligine seretmegi teklip eder.

Türkmenistan Baş Assambleýanyň nobatdaky maslahatynyň barşynda, şeýle hem daşky gurşawy goramagyň, suw serişdelerini dolandyrmagyň, tebigy hem-de tehnogen betbagtçylyklaryň öňüni almagyň we olaryň täsirini peseltmegiň möhüm meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşar.

Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynda başlyklyk etmegini nazara alyp, 2018-nji ýylda ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, Daşky Gurşaw baradaky Maksatnamasy (UNEP), Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi ýaly ýöriteleşdirilen halkara düzümleriň gatnaşmagynda Halkara Gaznasyny dörediji döwletleriň Baştutanlarynyň sammitini geçirmek teklip edilýär.

Meňzeş täzelikler

2014