Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Kuweýte çagyrylýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň işleri boýunça ministri şeýh Nasser Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň duşuşygynda iki ýurduň arasynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýh öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, Gurbanguly Berdimuhamedowa özi üçin islendik amatly wagtda Kuweýte resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy gowşurdy.

Çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, milletiň Lideri Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmegiň durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugrunyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz we Kuweýtiň Emiriniň Diwanynyň işleri boýunça ministri türkmen-kuweýt hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we meýilleşdirilýän ugurlary barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti we şeýh özara peýdaly we netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine ulanylyp biljek ägirt uly kuwwatyň bardygyny aýdyp, iki ýurduň arasyndaky ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň geljegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýangyç-energetika toplumynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljegi hem uly gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň we Kuweýtiň dünýäde uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedigi bellenildi. Munuň özi taraplaryň energiýa serişdelerini işläp taýýarlamak we halkara bazarlaryna ibermek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, myhman türkmen Lideriniň bu ulgamda öňe süren başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi.

Maýa goýum, söwda, gurluşyk, dag-magdan senagaty we beýleki pudaklar geljegi uly ulgamlaryň hatarynda görkezildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Nasser Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah medeni-ynsanperwer ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny nygtap, ylym-bilim, medeniýet hem-de syýahatçylyk we sport ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Bu ulgamlaryň ösdürilmegi dünýäniň köp döwletleriniň okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Duşuşyga Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Majdi Ahmad Al-Dafiri hem gatnaşdy.

Meňzeş täzelikler

2014