«Aşgabat 2017» geljekki yklym, dünýä derejesindäki sport çärelerde şowly çykyşlaryň esasy boljakdygyny görkezýär – Wahdat Sultan-zade

Bu gezekki Aziýa oýunlary ýurduň dünýä bileleşigine işjeň goşulýandygyny, geljekki yklym, dünýä derejesindäki sport we beýleki çärelerde şowly çykyşlaryň esasy boljakdygyny görkezýär—diýip, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky 2010-1015-nji ýyllardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, häzir bolsa «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmanlarynyň biri Wahdat Sultan-zade «Türkmenistan: Altyn asyr» gazetine beren interwýusynda aýdýar.

Diplomatyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşi, ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen oňyn daşary syýasy başlangyçlary, onuň ýurtda ýokary netijeli sporty ösdürmäge we bedenterbiýe hereketini wagyz etmäge uly üns bermegi, jemgyýetçilik aňynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak boýunça köpugurly işi Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Aşgabady V Aziýa oýunlarynyň paýtagty diýip saýlamagyna getirdi.

Şu uly möçberli sport baýramynyň Türkmenistanyň merjeni – ak mermere bürenen gözel Aşgabatda geçirilmegi tötänlik däldir, onuň binagärlik keşbinde milli däpleri we döwrebap megapolisiň keşbi sazlaşykly utgaşýar.

Golaýda Aşgabadyň doganlyk şäheri Azerbaýjanyň Baku şäherinde Yslam raýdaşlygy oýunlary örän ýokary derejede geçirildi, ol azerbaýjan halkynyň hoşmeýillidigini we myhmansöýerligini ýene bir gezek görkezdi.

Şunuň bilen baglylykda, men ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport baýramy arkaly dünýä bileleşigini Türkmenistan, onuň zehinli, zähmetsöýer, açyk we myhmansöýer halky, özboluşly taryhy-medeni mirasy, däp-dessurlary, medeniýeti, sungaty, kuwwatly ykdysady mümkinçiligi we uly üstünlikleri bilen tanyşdyrmak başlangyjyny parasatly hasaplaýaryn – diýip ol belledi.

Onuň aýtmagyna görä, Aşgabat Aziýa we Okeaniýa ýurtlaryna wekilçilik edýän türgenleri, şeýle hem dini garaýşyna, gelip çykyşyna, jynsyna garamazdan, bosgunlaryň toparyny-da jebisleşdirdi. Oýunlar sport hereketiniň umumydemokratik özenini, halkara hyzmatdaşlygynyň, özara düşünişmegiň we dostlugyň dabaralanmasyny görkezýär.

Diplomat özboluşly binalarynyň ikisi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen sebitde iň iri köpugurly sport toplumy bolan Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň türkmen sportunyň, onuň parahatçylyk dörediji wezipesiniň dabaralanmasy boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Wahdat Sulyan-zadeniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebap sport infrastrukturasyny döretmek, çagalar sportuny ösdürmek boýunça alyp barýan ajaýyp işleri türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda şowly çykyş etmeklerine getirýär. Häzirki wagtda-da «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudyr» diýen umumymilli şygar aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösýän häzirki türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň nyşanydyr.

Neşiriň belleýşi ýaly, iki doganlyk ýurduň we halklaryň arasynda ynanyşmagy kemala getirmäge we özara gatnaşyklary berkitmäge goşan uly goşandy üçin Türkmenistanyň ol «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medaly bilenem sylaglanyldy.

Meňzeş täzelikler

2014