Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Aşgabatda Ýerine ýetiriji geňeşiň 70-nji mejlisini geçirdi

Sişenbe güni Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Aşgabatda Ýerine ýetiriji geňeşiň 70-nji mejlisini geçirdi, bu barada «Aşgabat 2017-niň» saýty habar berýär.

— Aziýanyň we Okeaniýanyň ýurtlaryndan sport maşgalasy, Halkara olimpiýa komiteti, Halkara federasiýalar we sport jemgyýetçiliginiň beýleki agzalary bilen bu ýerde bolmak meniň üçin bagt — diýip AOG-nyň prezidenti şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah aýtdy.

— Türkmenistany Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, ýurduň hökümetine, Milli olimpiýa komitetine we ähli raýatlara mähirli kabul edendikleri we goldawy üçin çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin – diýip şeýh belledi.

AOG-nyň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, Aziýanyň we Okeaniýanyň türgenleri «Aşgabat 2017» oýunlarynda ilkinji gezek bir ýere jemlendiler.

«Biz bosgunlaryň toparynyň bu oýunlarda final tapgyra çykyp altyn medal gazanyp bilendiklerine begenýäris. Men «Rio 2016-da» Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan başlanan bu tejribäniň däp bolup galjakdygyna ynanýaryn. Biz Halkara Olimpiýa komitetiniň tejribesine eýereris».

AOG-nyň Utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Sunekadzu Takedanyň belleýşi ýaly, AOG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti indiki ýyl Indoneziýada geçiriljek XVIII Aziýa oýunlarynyň maksatnamasynyň üstünde işläp tamamlady. Onda sportuň 40 görnüşi boýunça 462 sport ýaryşlary gurnalar.

Ýerine ýetiriji geňeş komitetiň wise-prezidentiniň hasabatyny, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň guramaçylarynyň çykyşlaryny diňledi.

Ýerine ýetiriji geňeşiň indiki mejlisi Şri-Lankada geçiriler. Onuň senesi heniz bellenilmedi.

Meňzeş täzelikler

2014