«Aşgabat 2017» oýunlarynda Türkmenistana 100-nji medaly Gülşat Klyçewa getirdi

Aşgabatly türgen 22 ýaşly Gülşat Klyçewa Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň medallarynyň sanyna ýüzünji medaly getirdi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça çykyş edýän türgen bu üstünligi taý boksy boýunça 57 kg agram derejede ýaryşyp gazandy.

Bu agramda medal üçin 5 sany türgen ýaryşdy. Birinji tutluşykda, ýagny çärýekfinal tutluşygynda Gülşat Zahry Rezaini (Owganystan) ýeňdi – 29:28. Ýarym final duşuşygynda Sirisopa Sirisakdan (Tailand) ýeňildi — 26:30 we bürünç medala mynasyp boldy.

Bu ýeňiş G.Klyçewanyň taý boksy boýunça bir ýyl bäri meşgul bolup geleninden bäri ilkinji uly üstünligidir. Muňa çenli Gülşat 2009-njy ýyldan bäri dzýudo bilen meşgullanýardy. Şu ýyl ol Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutyna okuwa girdi we indi tälimçi Tirkiş Döwletowyň ýolbaşçylygynda taý boksy boýunça türgenleşiklerini okuwy bilen utgaşykly alyp barýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014