Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Şweýsariýa Konfederasiýasyndan, Singapurdan, Türkiýe Respublikasyndan, Owganystan Yslam Respublikasyndan we beýleki döwletlerden gelen işewürlere daşary ýurt walýutasyna bugdaý uny, dürli görnüşli boýalan tüýjümek önümler, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 19 million 654 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 61 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaý satyn aldylar.

Meňzeş täzelikler

2014