Nebitiň bahalary durnukly: Brent - $55,86, WTI - $49,66

Brent kysymly nebitiň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy 10-njy oktýabrda 7:57 wagta çenli ýagdaýa görä 7 sent (0,13 göterim) ýokarlanyp, barreli 55,86 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 8 sent (0,16 göterim) ýokarlanyp, barreli 55,79 dollara deň boldy.

9-njy oktýabrdaky söwdalaryň netijeleri boýunça Brent kysymly nebitiň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy Londondaky ICE Futures biržasynda 0,17 dollar (0,31 göterim) ýokarlanyp, barreli 55,70 dollara deň boldy.

WTI kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkdaky NYMEX biržasynda 0,29 dollar (0,59 göterim) ýokarlanyp, barreli 49,58 dollara deň boldy, diýip Finmarket habar berýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014