Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany 2018–2024-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklady

Şu gün Ýaşulular maslahatynyň ikinji gününiň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karar gol çekdi. Bu maksatnamanyň esasy ugurlary barada döwlet Baştutany maslahata gatnaşyjylara düýn gürrüň berdi.

Özüniň baý serişdelerine daýanmak we ykdysady ösüşiň öňdebaryjy dünýä tejribesini peýdalanmak bilen, döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyz dünýäniň iň durnukly ösýän, kuwwatly senagaty, oba hojalygy, häzirki zaman ulag üpjünçilik we öňdebaryjy durmuş ulgamlary bolan döwletleriniň birine öwrülýär.

Ýurdumyzda peýdalanylýan ykdysady nusga makroykdysady durnuklylygy, maýa goýumlaryny goýmagyň ýokary depginleriniň saklanyp galmagyny, bazar institutlarynyň we bäsleşigiň yzygiderli ösmegini üpjün edýär. Bu bolsa, özgertmeleri dowam etmäge we döwlet dolandyryşynyň gurluşyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Bu Maksatnamada kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de depginli ösüşini saklap galmaga, maýa goýum işjeňligini yzygiderli üpjün etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, durmuş taýdan goraglylygy berkitmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekmek bilen, indi birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, döwlet eýeçiliginiň kärhanalaryny hususylaşdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Önümçiligiň täze ugurlaryny açmak, erkin ykdysady zolaklary, gymmatly kagyzlaryň bazaryny döretmek babatda hem ähli zerur çäreler görülýär. Şeýle hem, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly üns berilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, geljekde hem jemi içerki önümiň görkezijilerini ýokarlandyrmaga, senagat önümlerini öndürmegiň möçberlerini, gurluşyk, daşary söwda dolanyşygyny durnukly artdyrmaga aýratyn üns berler, şeýle hem maýa goýumlarynyň möçberlerini depginli ösýän derejede saklamak, umuman, telekeçileriň tutýan ornuny artdyrmak, telekeçiligi höweslendirmek göz öňünde tutulýar.

Şu maksatlardan ugur alnyp, kanunlaryň birnäçesiniň taslamalary taýýarlandy we Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlendi. Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmäge, goşmaça iş ýerlerini döretmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen kanunlar, şeýle hem erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň, hereket etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Erkin ykdysady zolaklar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Bu Kanun bilen erkin ykdysady zolagyň çäklerinde salgyt salmagyň, pul, gümrük taýdan düzgünleşdirmegiň ýeňillikli şertleri bellenilýär.

Ýaşulular maslahatynda döwlet Baştutany «Salgytlar hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar girizmek hakyndaky» we «Migrasiýa hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakyndaky» Kanunlara gol çekdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014