Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy

Şu gün Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň ikinji gününiň dowamynda Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa – Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ýurdumyzyň türgenleriniň adyndan milli Liderimize ýadygärlik nyşanyny gowşurdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow uly hormat üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, hormatly ýaşulularymyza, bagtyýar geljegi gurmak wezipesi öňünde durýan ýaşlarymyza, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, Milli parlamentiň deputatlaryna, diplomatik korpusyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerine berk jan saglyk we rowaçlyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlar bilen ýüzlendi.

Milletiň Lideri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramynyň uly dabara bilen bellenilýän günlerinde özüne Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi bolan «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylandygy hem-de «Altyn Aý» medalynyň gowşurylandygy üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutany şeýle hem gowşurylan ýadygärlik sowgady üçin ýurdumyzyň türgenlerine minnetdarlyk bildirdi.

Habar berlişi ýaly, düýn Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda çykyş edenler ýurduň ýa­şu­lu­la­ryň adyn­dan Ga­raş­syz we Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny mun­dan beý­läk-de art­dyr­mak bo­ýun­ça bi­ti­ren hyz­mat­la­ry hem-de ägirt uly iş­le­ri üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ikin­ji ge­zek Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny di­ýen be­lent ady dak­mak ha­kyn­da­ky tek­li­bi be­ýan et­diler.

Birinji gezek Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at 2011-nji ýylyň oktýabrynda dakyldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014