Ýakyn ýedi ýylda nebitgaz toplumyna 159,9 milliard manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdiriler

Ýakynda ýedi ýylda Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna ýakyn ýedi 159,9 mil­liard ma­nat möç­ber­de düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry gönük­di­ri­ler. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulularyň maslahatynyň ikinji gününde pikir alyşmalardan soň tassyklanan «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018-2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy» hakynda aýdanda belledi.

Şu dö­wür­de ne­bit­gaz top­lu­my­na 6 müň 900-den gow­rak tä­ze iş orun­la­ry dö­re­di­ler, diýip Prezident belledi.

Ahal we­la­ýa­ty­nyň Owa­dan­de­pe şä­her­çe­sin­de gu­rul­ýan za­wod­da 2024-nji ýyl­da te­bi­gy gaz­dan eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa 600 müň ton­na A-92 ky­sym­ly ben­zin ön­dü­rip baş­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.

Şol dö­wür­de «Ma­laý» kä­nin­de Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si üçin gaz gy­sy­jy be­ke­diň gur­lu­şy­gy hem ta­mam­la­nar.

Özi hem bularyň hemmesi biziň öz güýjümiz bilen amala aşyrylar. Bu uly zatdyr! — Preizdentiň bu sözleri dabaraly el çarpyşmalar bilen garşy alyndy.

Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de 2018—2024-nji ýyl­lar­da po­lip­ro­pi­len, po­li­wi­nilh­lo­rid, kaus­tik so­da, duz kis­lo­ta­sy­ny we su­wuk hlor ön­dür­ýän gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­ny gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Hi­mi­ýa se­na­ga­ty bo­ýun­ça 2018-nji ýyl­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de ýyl­da 1 mil­lion 155 müň ton­na kar­ba­mid ön­dür­ýän za­wo­dy işe gi­riz­mek bel­le­nil­ýär. Bu za­wod ýur­du­my­zyň kar­ba­mid ön­dür­ýän iň iri kär­ha­na­sy bo­lar.

Prezidentiň belleýşi ýaly, Mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­rün­de iş­jeň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty al­nyp bar­lar. Ýur­du­my­zy 2018—2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek ul­ga­my­na esa­sy ma­ýa go­ýu­my hök­mün­de 240 mil­liard ma­nat­dan gow­rak se­riş­de goý­be­ri­ler. Şu dö­wür­de ne­bit­gaz top­lu­my­na 159,9 mil­liard ma­nat möç­ber­de düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ri­ler we 6 müň 900-den gow­rak tä­ze iş orun­la­ry dö­re­di­ler.

Meňzeş täzelikler

2014