Türkmenistanyň Prezidenti ýaşaýyş jaý-jemagat we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi

Ýaşulular maslahatynyň ikinji gününiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ähli sarp edijiler üçin tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýur­tda Ga­raş­syz­ly­gyň il­kin­ji dö­wür­ler­den hal­ka gaz, agyz su­wy, elekt­rik ener­gi­ýa­sy we na­har du­zy mugt be­ril­di. Je­ma­gat hyz­mat­la­ry üçin hem ujyp­syz tö­leg bel­len­di. Bu çyk­da­jy­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let býu­je­tin­den ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin ägirt köp ma­li­ýe se­riş­de­le­ri goý­be­ril­ýär.

Bu günki gün durmuş ýeňillikleriniň bu ulgamy öz wezipesini ýerine ýetirdi. Bahalaryň täze ulgamynyň girizilmegi mil­li baý­lyk­la­ry­my­zy aýaw­ly, re­je­li, tyg­şyt­ly we ýo­ka­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga gönükdirilendir, diýip Prezident belledi. 

Birnäçe ýylyň dowamynda hormatly ýaşululardan, halk köpçüliginden gelip gowuşýan teklipler nazara alnyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bu ugurda degişli kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu karar bilen ähli sarp edijiler üçin mugt goýberilýän möçberden artyk sarp edilýän tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Ýaşulular maslahatynyň agzalarynyň biragyzdan makullamagy bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Ähli sarp edijiler üçin tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

Meňzeş täzelikler

2014