Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri telefon arkaly TOPH taslamasyny we ýangyç-energetika hyzmatdaşlygynyň beýleki meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetçeşlikde türkmen-owgan ýangyç-energetika hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler türkmen-owgan hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen, soňky döwürde iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde—iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde giňelýändigini kanagatlanma bilen bellediler. 2017-nji ýylyň iýul aýynda Owganystanyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň jemleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy diýlip bellenildi.

Owgan Lideriniň nygtaýşy ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýarlar hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýärler. Bu syýasat sebitde durnuklylygy, parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň möhüm şerti bolup durýar.

Owganystanyň Prezidenti türkmen Lideriniň owgan meselelerini çözmäge teklip edýän, möhüm halkara başlangyçlarynda öz beýanyny tapan hemmetaraplaýyn çemeleşmeleriniň onuň Watanynda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Ýangyç-energetika we ulag ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum taslamalary şunda örän uly orun eýeleýär. Gürrüň, ilkinji nobatda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda barýar.

Günorta-Gündogar Aziýanyň uly ýurtlaryna türkmen tebigy gazynyň uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etjek täze energetika desgasy tutuş sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berip, müňlerçe iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň belleýşi ýaly, ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk örän ähmiýetli bolup durýar, munuň özi iki ýurduň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir. 2016-njy ýylyň noýabrynda işe girizilen Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýoly—Aziýanyň halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy munuň aýdyň subutnamasydyr. Geljekde Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan polat ýoly sebitde we halkara derejesinde üstaşyr-ulag ýük daşalýan ýollaryň möhüm bölegine öwrüler.

Iki goňşy döwletiň arasynda netijeli gatnaşyklar elektroenergetika ulgamynda hem amala aşyrylýar. Häzir türkmen elektrik energiýasy Owganystanyň demirgazyk sebitlerine ýeňillikli şertlerde iberilýär. Degişli goşmaça kuwwatlyklaryň gurluşygy tamamlanandan soň bolsa olaryň iberilýän möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistan Owganystana arzan bahadan suwuklandyrylan gaz ugradýar, goňşy döwletde durmuş, hususan-da, saglygy goraýyş we okuw maksatly desgalary bina edýär.

Biziň ýurdumyz geljekde hem goňşy Owganystany dikeltmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşmagy hem-de onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmegi, şonuň bilen birlikde owgan halkynyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagyna goldaw bermegi maksat edinýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Taraplar söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine ünsi jemläp, özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak we ony diwersifikasiýalaşdyrmak üçin mümkinçilikleriň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy barada aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetara türkmen-owgan toparynyň işini, şeýle hem hususy telekeçilik ugry boýunça işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Ynsanperwer ulgamy türkmen-owgan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň geljekde hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde owgan talyplaryna bilim bermek bilen, goňşy ýurda dürli ugurlar boýunça hünärli işgärleri taýýarlamakda ýardam etjekdigi bellenildi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen Liderine goňşy ýurduň durnukly ösmegine berýän uly goldawy hem-de doganlyk raýdaşlygy, şu geçen ýyllaryň içinde Türkmenistanyň berip gelýän ykdysady we ynsanperwer kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Iki döwletiň Baştutanlary söhbetdeşligiň barşynda özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik owgan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Meňzeş täzelikler

2014